Owganystanda häkimiýeti ele alan “Talyplar” hereketi ýurtda öz diplomatik wekilhanalaryny ýapan daşary ýurt döwletleriniň ählisini ilçihanalarynyň işini dikeltmäge çagyrdy. Bu barada hereketiň syýasy býurosynyň agzasy Muhammed Naim beýanat berdi.
Öň ABŞ we Ýaponiýa öz diplomatik wekilhanalaryny Owganystandan Katara geçirýändiklerini yglan edipdi, şeýle beýanat bilen yzysüre Niderlandlar hem çykyş etdi.
Naiminiň sözlerine görä, “Talyban” goňşy döwletler, dünýä bileleşigi hem-de sebitiň ýurtlary bilen gepleşikleri alyp barmak üçin mümkinçilige eýe bolmak isleýär.