Russiýanyň Türkmenistanda ýaşaýan raýatlary Döwlet Dumasyna geçiriljek saýlawlara öz ýaşaýan ýerinde ses berip bilerler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň «Twitterdäki» resmi hasaby arkaly habar berildi.
«Saglyk ýagdaýy sebäpli saýlaw uçastogyna gelip bilmeýän saýlawçylar 19-njy sentýabrda sagat 14: 00-a çenli ýaşaýan ýerinde ses bermek üçin ýazylyp bilýärler» diýlip hasapda aýdylýar.
Olar şu elektron poçtasy arkaly habarlaşyp bilerler: rusemb-ashkhabad@mid.ru .
Ýeri gelende aýtsak, Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlar 55 döwletde 95 daşart uçastogynda geçiriler.
Munuň üçin 19-njy sentýabr güni Türkmenistanyň bäş şäherinde ― Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda zerur mümkinçilikler dörediler.