Turkmenportal logo
29.08.21
12561256
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Britaniýada azyk harytlary bilen bagly kynçylyklar döredi

Ýokanjyň ýaýramagy we “Breksit” tutumy bilen baglylykda, soňky günlerde Beýik Britaniýada käbir harytlaryň, esasan hem, azyk önümleriniň ýetmezçiligi ýitileşýär. Bu ilkinji nobatda ýurduň garbanyşhanalarynyň işine ýaramaz täsir edýär.


Mysal üçin, McDonald's garbanyşhanalar topary mundan beýläk süýtli kokteýlleri we çüýşeli içgileri müşderilerine hödürläp bilmejekdigini, onuň bäsdeşi KFC hem öz naharlarynyň käbirini sanawdan aýyrmaga mejbur bolýandygyny, Nando's garbanyşhanalar toplumy bolsa, towuk etiniň gytlygy sebäpli 50 töweregi naharhanasyny ýapmaga mejbur bolýandygyny habar berdi.


“Azyk önümleri pudagynda zähmet çekýän sürüjileriň 20-30 müň töwereklisi öz işinden nägile bolup, Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna dolanyp barýarlar. Pandemiýa hem önümçilige ýaramaz täsirini ýetirdi. Biz et önümçiligi pudagynyň kärhanalarynda işgärleri saklamak üçin ýolbaşçylaryň elde baryny edýändikleri barada eşidýäris. Netijede, azyk hartlary diňe bir ýetmezçilik edenok-da, olary eltilmeli ýerine daşamakda hem kynçylyklar ýüze çykýar” diýip, Shopfloor Insights seljeriş kompaniýasynyň işgäri Braýan Roberts aýdýar.


Bu meseleler diňe bir britan işewürligine däl, eýsem, ýurduň ykdysadyýetiniň dikelmegine howp salýar.


Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmak bilen bagly “Breksit” tutumy Britaniýa beýleki Ýewropa döwletlerinden işçileriň gelmegini kynlaşdyrdy. Ýerli ilat bolsa, uzak iş gününden we az aýlykly şeýle işlerden gaça durýar.