Turkmenportal logo
26.08.21
11001100
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awokadonyň eksporty tanzaniýalylara garyplygy ýeňmäge kömek eder

Tanzaniýanyň Hususy pudagyň gaznasy (TPSF) awokado miwesiniň eksportunyň ýurduň ykdysadyýeti üçin bähbitlidigini mälim etdi.


Gaznanyň hasabatyna görä, bu ekzotiki miwäniň eksporty 2021-nji ýylda bütin dünýädäki paýyň 0,4 göterimini tutýar. Çalt ýetişýän miwäni ýurduň islendik künjeginde ösdürip ýetişdirmek mümkin.


Munuň üçin bu miwäniň plantasiýalaryny deňiz derejesinden 400-2500 metr belentlikde ýerleşdirmek ýeterlikdir.


Häzirki döwürde Tanzaniýa awokado ýetişdirmek boýunça yklymda Keniýadan we Günorta Afrika Respublikasyndan soň üçünji orny eýeleýär.