Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýük gatnaşygy dikeldilýär

16:3918.08.2021
0
16689

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda owgan meselesi bilen baglylykda, türkmen-owgan serhedinde alnyp barylýan işler barada maglumat ýerleşdirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri we ýurduň beýleki döwlet düzümleriniň wekilleri «Taliban» hereketiniň wekilleri bilen Döwlet serhedini goramak, serhetden ýükler geçirilende gümrük, sanitar, fitosanitar we barlaglaryň beýleki görnüşleri boýunça yzygiderli gatnaşyklar dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, habarda türkmen-owgan serhedindäki Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy barlag-gözegçilik nokatlarynyň adaty ýagdaýda işleýändigi, iki tarapyň arasynda kesgitlenen ylalaşyklara laýyklykda, awtomobil prisepleriniň hem-de demir ýol wagonlarynyň zerur möçberde geçirilmeginiň üpjün edilýändigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň