Soňky habarlar

Arhiw

«Talyban» TOPH (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdi

23:1617.08.2021
0
23611

«Talyban» hereketiniň wekili Suheýl Şahin ««Talyban» hereketi (Russiýa Federasiýasynda gadagan edilen gurama) Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TAPI) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardyr.» diýip belledi.

PRIME agentliginiň habaryna görä, Şahin: «Owganystan – bu Merkezi we Günorta Aziýany baglandyryjy ýurt. Biz ýurdumyzyň Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky we beýleki köp sanly taslamanyň bir bölegi bolup gatnaşmaklygy üçin işleýäris. Biziň TOPH (TAPI) gaz geçirijisi, gara we demir ýollar ýaly örän uly taslamalarymyz bar, bu taslamalara başlamagy umyt edýäris» - diýip, «Sky News» teleýaýlymyna beren beýanynda dile getirdi.

«Talyban» hereketiniň wekilleri şu ýylyň fewral aýynyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykdan soň TOPH (TAPI) gaz geçirijisi we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de bu taslamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge doly goldaw berjekdiklerini yglan etdiler.

TOPH (TAPI) gaz geçirijisi, Türkmenistandan Owganystandan we Päkistandan Hindistana çenli uzynlygy 1,735 km. Bu taslamanyň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr gaz eksport etmäge niýetlenilendir.

Ýekşenbe güni Owganystanda hökümetiň üýtgändigini ýatladýarys. «Talyban» hereketiniň wekilleri Kabula girip, Prezident köşgüne gözegçilik etdiler. Owganystanyň Prezidenti Aşraf Gani işinden çekildi we ýurtdan çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň