«Toyota» kompaniýasy çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigini geçirýär

15:5417.08.2021
0
9119

«Toyota Türkmenistan» çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda awtoulagyň iň gowy çeper keşbiniň suratyny çekmeklik boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Şertlere laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar emin agzalaryna adam üçin peýdaly aýratynlygy bilen geljegiň awtoulagyny şekillendirýän özbaşdak surat çekmeli.

Bäsleşige 15 ýaşa çenli çagalar gatnaşyp bilerler. Ähli surat eserleri çagalaryň şu aşakdaky ýaş aýratynlyklary boýunça toparlara bölüner:

• 7 ýaşa çenli;
• 8 ýaşdan 11 ýaşa çenli;
• 12 ýaşdan 15 ýaşa çenli.

Çagalaryň bu ýokarky ýaş aýratynlyklarynyň her haýsysyndan bir surat eseri ýeňiji bolar.

Suratlar galamlar, flomasterler (flomaster – ýazmak, surat çekmek üçin reňk siňdirilen sterjen), reňkleriň islendik görnüşi bilen ýerine ýetirilip bilner.

A3 (ileri tutulýan) we A4 ölçegli ak kagyzlarynda ýerine ýetirilen işler kabul edilýär. Zerur şert: Suratyň reňki fonyna (fon - ýerliliginiň reňki) laýyk bolmaly.

Bäsleşik 28-nji we 29-njy awgustda, sagat 10:00-dan 16:00-a çenli dowam eder.

Gatnaşmaklyk üçin telefon belgi: +993 (12) 754444 (G. Kuliýew köçesi, 46) we +993 (12) 437057 (Oguhzana köçesi, 7)

Ýeňijiler «Toyota» kompaniýasyndan gymmat bahaly sowgatlar alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň