Şu gün – 11-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet serhet gullugyna degişli täze binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Bu ýerde wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna täze binalar toplumynyň açylmagyna taýýarlygy barada hasabat berdi.
Milli Lider serhet galasynyň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesip, onuň işine ak pata berdi. Munuň özi merdana serhetçiler üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Döwlet Baştutany halkymyzyň gadymy ýörelgelerine laýyklykda, amala aşyrylýan hoşniýetli goňşuçylyk, goňşy ýurtlar we halklar bilen özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmekde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmek babatda Watan goragçylaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.
Şeýlelikde, ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şol bir wagtyň özünde türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly binalary gurmak hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň üstünlikli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtaýar.
Serhet goşunlarynda degişli düzümleriň sazlaşykly hereketine, serhetçileriň işlerine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Bu bolsa galanyň gözegçilik edýän çägi boýunça degişli maglumatlary toplamak, olary seljermek we gaýtadan işlemek wezipesiniň dessin hem-de dürs ýerine ýetirilmeginde serhetçilere kömek edýär.
Bu ýerde Dolandyryş merkeziniň işiniň täzeçil tehnologiýalar esasynda alnyp barylmagy toplanylan maglumatlaryň öz wagtynda hem-de maksadalaýyk ulanylmagyny üpjün edýär, bu bolsa gullugyň döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam edýär. Serhet bölüminiň serkerdesi döredilen amatly şertler üçin hoşallygyny beýan edip, Watana ak ýürekden gulluk etjekdigine kasam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler bilen baglylykda, serhet galasynyň täze binalary gurlanda, olarda serhetçiler üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Galanyň çäginde beýleki durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, gulluk itleriniň saklanylýan desgalarynyň bardygyny hem bellemeli.
Ýatakhanalarda ýaş serhetçileriň amatly dynç alşyny üpjün edýän ähli zerur şertler bar. Harby gullukçylaryň naharhanasynyň binasynda ýokumly tagamlary taýýarlamak, azyk önümlerini degişli derejede saklamak aýratyn möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. Bu ýerde nahar taýýarlaýan aşpezleriň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby esasy gollanma öwrendikleri aýratyn nygtaldy.
Döwrebap kitaphana serhetçileriň hyzmatynda, onda gözýetimiňi giňeltmäge hem-de göwün söýen çeper edebiýatyňy okamaga zerur mümkinçilikler bar. Serhetçi esgerler bu ýere höwes bilen gelip, kitaplardan özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap tapýarlar.
Toplumyň çäginde ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport meýdançalary ep-esli orun tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, özara bäsleşikleri guramak ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny belläp, serhetçiler döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar.
Toplumyň serhetçi itler üçin niýetlenen meýdançasynda alabaýlar bilen türgenleşik işleri yzygiderli geçirilýär. Olar serhetçileriň ýakyn ýardamçylaryna öwrüldiler. Şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde geçirildi. Onuň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Onda Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaý ýeňiji boldy.
Mundan başga-da, toplumda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilipdir.
Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň milli hünärmenler tarapyndan bina edilmegi aýratyn bellärliklidir. Täze jaýlara göçüp gelen bagtyýar ýaşaýjylar türkmeniň asylly däp-dessurlaryna eýerip, toý saçagyny giňden ýazdylar. Ýaşaýyş jaýlarynyň otaglary döwrebap mebeller bilen, aşhanasy bolsa ýokary hilli hojalyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Serhetçiler we olaryň maşgalalary özleri barada taýsyz tagallalary edip, şeýle ajaýyp ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertlerini döredip berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny, çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.