Turkmenportal logo
06.08.21
1094910949
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Hazaryň kenarynda «Awaza» Kongresler merkezinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy öz işini tamamlady.


Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garadylar. Şeýle hem duşuşygynyň gün tertibine girizilen sebitiň durnukly ösüşi, söwdany ýokarlandyrmak, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek, ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, pandemiýa garşy göreş tagallalaryny jemlemek ýaly ugurlarda özara pikir alyşdylar.


Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri Jemleýji resminamanyň kabul etdiler.


Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň metbugat wekillerine ýüzlenmesi boldy.


Öýlän Döwlet Baştutanlary bilelikde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp görerler.