Şu gün geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň milli önümleriniň halkara sergisinde Türkmenistanyň eksport önümleri hem hödürlenildi diýip, tstb.gov.tm web saýty habar berdi.
Serginiň çäklerinde ilkinji gezek «Jet A-1» awiaýangyjy bäsleşikli söwdada satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan öndürildi.
Halkara täjirçilik awiasiýasynyň zerurlyklary üçin ulanylýan bu ýangyç, dünýä bazarynda ulag üçin has ygtybarly hasaplanýar. 10 müň tonna «Jet A-1» uçar ýangyjynyň her tonnasy 200 ABŞ dollaryndan başlangyç bahada satuwa çykaryldy.