Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy başlady

10:3806.08.2021
0
10477

Şu gün, 6-njy awgustda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» Kongresler merkezinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy öz işine başlaýar.

Öňküsi gün, 5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ýokary derejedäki wekiliýetler Türkmenbaşy şäherine geldiler.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkeziniň «Ikitaraplaýyn duşuşyklar otagynda» Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň Prezidentleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň bilelikdäki surata düşmek dabarasy geçirildi.

Ondan soňra, «Awaza» Kongresler merkeziniň Mejlisler jaýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy başlandy. Onuň barşynda döwlet Baştutanlary 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine serederler.

Şeýle hem Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine girizilen sebitiň durnukly ösüşi, söwdany ýokarlandyrmak, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek, ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, pandemiýa garşy göreş tagallalaryny jemlemek ýaly ugurlarda özara pikir alşarlar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany bilen sylaglamak dabarasy meýilleşdirilýär. Duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň metbugat wekillerine ýüzlenmesi göz öňüne tutulýar.
Hazaryň kenarynda halkara çärelerine gatnaşmak üçin çagyrylan TmCars.info-nyň habarçylary bu ýerdäki wakalaryň barşy barada okyjylarymyzy yzygiderli tanyşdyryp durar.

Belläp geçsek, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň