Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda söwdany we hususy dükanlaryň işini ösdürmek bilen bagly teklipler boýunça ýaryşyň ýeňijileri mälim edildi

22:5803.08.2021
0
9546

Ýakynda Gurban baýramy mynasybetli yglan edilen ýaryşyň jemi jemlendi. Bu ýaryşy paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän Mavi, Colins, Altin Yildiz, Koton we Koton Kids haryt-nyşanly dükanlar bilelikde guradylar.

Ýaryş ýönekeý şertden, ýagny Türkmenportal web sahypasynda we Instagram hasabynda şu ýaryş barada wideonyň aşagynda Türkmenistanyň çäginde söwda hereketini we marketingi döwrebaplaşdyrmak bilen bagly teklipleri teswir görnüşinde beýan etmekden ybarat boldy.

Ýaryşa ugradylan teklipleriň arasyndan iň gowy üç teswir saýlanyp alnyp, olar ýeňiji hökmünde yglan edildi:

1 orun ― Jalaýew Jalaý (@j_jalayev). Onuň ýaryşa iberen teswirinde marketing ösüş, şol sanda sosial torlar we köçe mahabaty barada giňişleýin beýan edilýär. Ýaryşy guraýjylaryň haýyşyny nazarda tutup, Jalaý köçe mahabatyna degişli meseleleriň çözgüdi boýunça hem teklipleri hödürledi. Mundan başga-da, teswirde marketinge doly seljerme berilýär.

2 orun ― Waliýew Yhlas (@oliverqueen910). Onuň teswirinde her bir müşderä aýratyn çemeleşmek hakynda aýdylýar. Awtor şu usul arkaly alyjylary özüňe çekmek bilen birlikde, olarda ýakymly täsirleri döredip bolýandygyny belleýär. Şeýle-de, Yhlas alyjylaryň teswirleriniň möhümliligini nygtady, çünki teswirler berilýän hyzmatlaryň hilini subut edýän täsirli bir alamatdyr.

3 orun ― Rejepow Kerim (@rejepowkerim95). Ol ýaryşy guraýjylaryň ünsüni çekmegi başaran peýdaly maglumatlary beýan etdi. Bu teklipleriň geljekde durmaşa ornaşdyrylmagy ähtimaldyr.

Ýaryşyň esasy maksady söwda hereketini we marketingi ösdürmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaryşa islendik ýaşly adamlar gatnaşyp, özara tejribe hem pikir alyşmak mümkinçiliginden peýdalandylar.

Şu ýerde Mavi, Colins, Ramsey, Altin Yildiz, Koton, Koton kids haryt-nyşanly dükanlar tarapyndan alyjylar üçin häli-şindi arzanladyş hem-de aksiýa çäreleriniň geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň