Turkmenportal logo
02.08.21
101959101959
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanly aýdymçy Ýulduz Usmanowa Türkmenistanda çykyş eder
Özbegistanly aýdymçy Ýulduz Usmanowa Türkmenistanda çykyş eder

6-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw maslahatyndan soň geçiriljek sebitiň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde meşhur özbek aýdymçysy Ýulduz Usmanowanyň çykyş etmegine garaşylýar.


Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň halk artistiniň diskografiýasynda 100-e golaý plastina bar, olaryň umumy tiražy 25 million nusgadan geçdi. Onuň repertuarynda sekiz dilde 600-den gowrak aýdym bar.


Ýatladyp geçsek, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti, sebit ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň ilkinji dialogy, Ykdysady forum, halkara sergi ýaly alty sany uly halkara çäreleri geçiriler. Şeýle hem milli tagamlaryň sergisi we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti guralar.

Özbegistanly aýdymçy Ýulduz Usmanowa Türkmenistanda çykyş eder | Turkmenportal.com