Soňky habarlar

Arhiw

«Samsung»-yň täze «akylly» sagatlarynyň suratlary peýda boldy

14:4431.07.2021
0
4847

Jemgyýetçilik torlarynda täze «Samsung Galaxy Watch4» akylly sagatlarynyň ilkinji suratlary peýda boldy.

Täze sagatlaryň tanyşdyrylyş dabarasy 11-nji awgustda meýilleşdirilýär. Goýlan suratlarda gara we kümüşdäki «Galaxy Watch4» görkezildi. Olarda fiziki aýlanýan bezeg we sag tarapda iki düwme bar.

Täze modeliň esasy aýratynlygy «Google», «Samsung» we «Fitbit» tarapyndan bilelikde işlenip düzülen täze «Wear OS» bolar. «Samsung Galaxy Watch4 Classic»-iň üç ululykda ― 42, 44 we 46 millimetr ululykda boljakdygy habar berildi. Sagat 1,5 gigabaýtlyk RAM we 16 gigabaýtlyk «Exynos W920» ýat bilen üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň