TNGIZT-de kerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy

14:3131.07.2021
0
1419

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze görnüşli Jet A-1 uçar kerosini öndürilip başlandy. Ol kärhananyň öndürýän TС-1 uçar ýangyjynyň Ýewropa görnüşidir. Jet A-1 Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň, şol sanda «Airbus» we «Boeing» howa gämileriniň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

TNGIZT-niň täze ýangyjy halkara awiasiýa standartlaryna kybap gelýär hem-de «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Onuň önümçiligi 2008-nji ýylda ulanmaga berlen, kuwwaty ýylda 525 müň tonna deň bolan desgada amala aşyrylýar. Toplumyň taslamasyny düzmek we getirmek «Merichem Chemicals Refinery Services LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy, ýygnamak we gurnamak işlerini türkmen hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Çig maly düýpli arassalamak arkaly alynýan täze Jet A-1 uçar kerosininiň ilkinji tapgyryny Döwlet ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň üs­ti bilen ýerlemek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň