Türkmenistanlylara Gurban baýramyny öýde bellemek maslahat berilýär

23:2919.07.2021
0
12515

Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda ýurdumyzyň raýatlaryna Gurban baýramyny öz maşgala agzalary bilen bellemekligi maslahat berýän wideoşekilli görnüşler görkezildi.

Şol wideoşekillerde şeýle bellenilip geçilýär:

Eziz watandaşlar, mälim bolşy ýaly, türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes sene hasaplanylýar. Ruhy tämizligiň, arassa ahlagyň, agzybirligiň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.
Häzirki wagtda howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan beriji tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, her bir maşgalanyň bu baýramçylygy öz öýünde geçirmegini maslahat berýäris.

Türkmenistanda Gurban baýramy şu ýylyň 20-22-nji iýulynda bellenilip geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň