Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe ýurtda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde, köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly, gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.