Turkmenportal logo
07.07.21
1362613626
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň telekeçileri işewürleriň «Tanat» atly maglumatlar kitapçasynyň sahypalaryna heniz çykmaga ýetişer
Türkmenistanyň telekeçileri işewürleriň «Tanat» atly maglumatlar kitapçasynyň sahypalaryna heniz çykmaga ýetişer

Ozal habar berşimiz ýaly, içerki önüm öndürijiler hem-de harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijiler baradaky maglumatlary alyjylaryň we güýçli hyzmatdaşlaryň giň toparyna elýeterli etmek üçin Türkmenistanda işewürleriň «Tanat» atly maglumatlar kitapçasy (sprawoçnik) taslamasy durmuşa geçirilýär.


Işewürleriň maglumatlar kitapçasy – telekeçilere diňe bir ýurduň içinde däl-de, eýsem ýurduň daşynda-da, ýagny beýleki döwletlerde-de täze müşderileri tapmaklyk üçin ajaýyp mümkinçilikdir.


Bu neşirde ýurdumyzdaky dürli kompaniýalar barada jikme-jik maglumatlar, olaryň hyzmatlarynyň beýany we aragatnaşyk maglumatlary bolar.


Telekeçileriň «Tanat» katalogynyň artykmaçlyklary anyk-aýdyň görnüp dur:


* çap çykarylmaly tiražy – 10000 nusga;
* PDF formatynyň elektron görnüşiniň bolmagy;
* girdejili mahabat teklipleri. Mysal üçin, Instagramda telekeçileriň «Tanat» katalogynyň kagyz görnüşine girizilen Instagram sahypalary bilen gönüden-göni aragatnaşyk ýola goýlar;
* žurnal okyjylar üçin mugt bolar.


Neşir şu ýylyň 10-njy oktýabrynda çykarylar.


Häzirki wagtda «Tanat» katalogyna atly işewürler baradaky maglumatlary goşmak üçin telekeçilerden arzalary ýygnamak dowam edýär. Arzalary kabul etmegiň iň soňky güni 8-nji awgust.


Işewürlik neşiriniň sahypalaryna goşulmaklyk üçin telekeçiler «Emel» dizaýn studiýasy bilen habarlaşmaly.


* Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 280334, +99363 606363;
* Elektron poçta: Tanat@emel.studio ;
* Instagram @ emel.designstudio, @ tanat.emel.