Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi

23:0005.07.2021
0
4579

5-nji iýulda geçirilen duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berildi. Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji hem-de 4-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary paýtagtymyzda geçiriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýurdumyzyň futzal çempionatynyň toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 6-njy noýabrda geçiriler.

Birinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Köpetdag” – TNGIZT – 6:0

Gollar: Geldimuhammet Aşyrlyýew, Allaýar Gaýybow, Mülkaman Annagulyýew (3), Ramiz Gasanow (TNGIZT, öz derwezesine) (“Köpetdag”)

“Senagatbank” – “Milli goşun” – 2:2

Gollar: Rahatmyrat Nepesow, Sapar Annamyradow (“Milli goşun”, öz derwezesine) (“Senagatbank”) – Şamuhammet Babaýew, Remezanaly Ataýew (“Milli goşun”)

“Deňizçi” – “Serhetçi” – 19:4

Gollar: Nepesmyrat Lallakow, Maksat Soltanow (2), Şiri Baýramdurdyýew (2), Gylyçmyrat Gylyçmyradow (3), Kadyberdi Berenow (2), Danil Pançenko (2), Alişer Hudaýbergenow (3), Yklym Orazmuhammedow (“Serhetçi, öz derwezesine), Allamyrat Kurbanow, Kerwen Annaorazow, Toýly Halmyradow (“Deňizçi”) – Babaly Islamow (2), Kuwwat Soltanow, Annamyrat Ýazzyýew (“Serhetçi”)

“Migrasiýa” – “Gümrükçi” – 3:2

Gollar: Abdylla Gurbannepesow, Abdylla Nursähedow, Akmyrat Durdyýew (“Migrasiýa”) – Nepesgeldi Ataýew (2) (“Gümrükçi”)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň