Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti «Sur Ýary» festiwalyna gatnaşdy

10:4929.06.2021
0
10665
Türkmenistanyň wekiliýeti «Sur Ýary» festiwalyna gatnaşdy

«Penza.er.ru» gullugynyň habaryna görä Türkmenistanyň wekilleri ilkinji gezek Penza sebitinde gadymy medeniýetleriň «Sur Ýary» atly festiwalyna gatnaşdylar.

Festiwala gadymy gurallary ýasaýjylar, awtorlar ― ýerine ýetirijiler, döredijilik toparlary we beýlekiler gatnaşdy. Penza, Saratow, Tula, Rostow, Nižniý Nowgorod sebitleriniň, şeýle hem Mordowiýa Respublikasynyň we beýleki sebitleriň wekilleriniň täsirli çykyşlary festiwalyň şüweleňini artdyrdy. Türkmenistan bilen Özbegistanyň wekilleri ilkinji gezek bu festiwalyň jümmüşinde boldular.

Penza sebitiniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Russiýanyň geografiki jemgyýetiniň Mokşanskiý etrap bölümi we «Ýunona» dynç alyş merkezi tarapyndan gurnalan bu festiwal her ýyl geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň