Prezident Sadyr Žaparow Aşgabat şäherine geldi

14:2327.06.2021
0
14143

Şu gün – 27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde gyrgyz Liderini Türkmenistanyň energetika ministri Ç.Pürçekow garşylady.

«Türkmenportal-yň» ozal hem habar berşi ýaly, resmi saparyň çäklerinde Prezidentler Sadyr Žaparow bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň