«Hazar Logistik» hususy kärhanasynyň Türkmenistandaky üç bölümi üznüksiz logistika hyzmatlaryny hödürleýär

18:1524.06.2021
0
20110

«Hazar Logistik» hususy kärhanasy ýurdumyzda logistika bilen ammar hyzmatlaryny iň ygtybarly we elýeterli üpjün edijilerden biri hökmünde ykrar edildi.

Logistika pudagynda köp ýyllyk tejribä eýe bolan «Hazar Logistik» hususy kärhanasy ýükleri ammara ýerleşdirmek, paýlamak we üpjünçilik ulgamyny dolandyrmak babatda müşderilerine premium logistika hyzmatlaryny berýär.

Bu hususy kärhananyň bölümleri ýurdumyzyň üç sebitinde işleýär, şonuň üçin hem logistika bilen ammar pudagynda alnyp barylýan giňişleýin işler öz wagtynda we netijeli amala aşyrylýar.

«Hazar Logistik» hususy kärhanasynyň Marydaky esasy bölümi Artyk-Sarahs-Farap ugry boýunça ähli gümrük hyzmatlaryny hödürleýär.

Bu hususy kärhananyň demir ýol aragatnaşygy bilen baglanyşykly işleri üçin Aşgabat bölümi jogapkärdir.

«Hazar Logistik» hususy kärhanasynyň üçünji bölümi Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýük terminalynda ýerleşýär. Bu bölümiň esasy işleri portlarda gämiler bilen ýük ugratma we agentlik hyzmatlaryny, dürli harytlary Gara deňziň ähli portlaryna daşamaklykda gämileriň tertipnamasyny üpjün etmeklikden ybaratdyr.

«Hazar Logistik» hususy kärhanasy Türkmenistanyň, Ýewropanyň we GDA ýurtlarynyň çäginde ýük daşamagyň ähli görnüşleri üçin hyzmatlary hödürleýär. Bu hususy kärhananyň logistika hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän müşderiler konteýnerler, ammarlar we port agentlik hyzmatlary bilen üpjün edilýär.

«Hazar Logistik» hususy kärhanasynyň ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän bölümleriniň salgylary:

  • Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Bitaraplyk köçesiniň 18-nji jaýynyň 7-nji öýi. Habarlaşmak üçin telefonlar: +99363162934, +993 522 74717/18.
  • Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 1972-nji (Ataturk) köçesiniň 82-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 469183/84.
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Şagadam köçesiniň 8-nji jaýy – Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň umumy ýük terminalynyň barlag nokadynyň birinji gatynyň 002, 004 iş otaglary. Habarlaşmak üçin telefon: +993 243 49350.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň