Soňky habarlar

Arhiw

“Ak hünji” kärhanasynda gaplama önümleriniň önümçililgi alnyp barylýar

12:0119.06.2021
0
6338

“Ak hünji” hususy kärhanasy çalt zaýalanýan we doňdurylan iýmitleri saklamak üçin ýokary hilli termal konteýnerleri hödürleýär. Bu gaplar polistirol köpükden ýasalyp, ýylylyk geçirmeýärler we sowadyjylaryň ornuny tutmak üçin diýseň amatlydyr. Zerur ýagdaýlarda termal gaplary sowadyjy akkumulýatorlar bilen hem enjamlaşdyrmak mümkindir.

Kärhananyň öndürýän gaplama önümlerini beýleki ýükler bilen adaty ulaglarda hem daşamaga mümkinçilik bardyr. Gaplama önümleriniň hatarynda guşçular, supermarketler we tiz tagam zynjyrlary üçin niýetlenen tabak görnüşli gaplary mysal getirip bileris. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, olar polistirol köpükden ýasalýar. Kärhananyň kepillendirilen labaratoriýasynda ulanylýan çig mal seljerilýär hem-de önümleriň döwlet standartyna gabat gelýändigi barlanylýar. Bu bolsa olaryň ähli talaplara laýyk görnüşde öndürilýändigini subut edýär.

Bu gaplar ulanyşda ýeňil, oňaýly we çydamlydyr. Olary et, balyk, gök önümleri, miweleri, tiz tagamlary we beýleki önümleri gaplamak üçin ulanyp bilersiňiz. Gaplar niýetlenen maksadyna görä, AHG-01 (44x15x34 sm, 49x20x39 sm), AHT-01 (23x3x14) we AHT-02 (27x3x18) ýaly görnüşlere bölünýärler.

Kärhananyň hyzmatlary we önümleri barada giňişleýin maglumat almak üçin şu salga basyň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň