Top.Mail.Ru

Arhiw

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede tebigy gazyň täze gorunyň tapylandygyny habar berdi

10:1507.06.2021
0
1133

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Zonguldakdaky Filýos portunyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Amasra-1 guýusyndan 135 milliard kub metr tebigy gaz gorunyň tapylandygyny we Türkiýäniň tebigy gaz gorunyň 540 milliard kub metre çenli ýokarlanandygyny dile getirdi.

Türk Lideri: ««Fatih» buraw gämimiz Gara deňziň Sakarýa gaz ýatagyndaky Amasra-1 guýusynda 135 milliard kub metr täze tebigy gaz goruny tapdy. Şeýlelik bilen, Gara deňizdäki gaz gorumyz 540 milliard kub metre ýetdi. Haýryny bersin!» - diýip belledi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan öz çykyşynyň ahyrynda Türkiýäniň daşary energiýa garaşlylygyny bes etmeklikde uly erkiniň bardygyny aýtdy.

RIA Nowosti habarlar agentligi hem, türk Lideriniň sözlerine salgylanyp: ««Fatih» buraw desgasy täze Amasra 1 ýatagynda 135 milliard kub metrden gowrak gaz tapdy.» - diýip habar berdi.

«Resmiler täze tebigy gaz goruny 2023-nji ýyla çenli içerki bazara eltip başlarlar. Ýakyn geljekde işgärler Sakarýa gaz ýatagyndan gaz çykarmaklyk bilen baglanyşykly tehniki meseleleri çözerler we derrew buraw işlerine başlarlar.» - diýip TASS habarlar agentligi-de öz web sahypasynda beýan edýär.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geçen ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda Sakarýa ýatagynyň Dunaý 1 böleginde subut edilen gaz gorlarynyň 405 milliard kub metrdigini aýtdy. Ondan öň türk Lideri Gara deňizde 85 milliard kub metr täze tebigy gaz gorunyň tapylandygyny habar berdi. Türkiýäniň döwlet Baştutany geçen ýylyň awgust aýynyň ahyrynda bolsa türk buraw desgasynyň Gara deňizde 320 milliard kub metrlik uly gaz ýatagyny tapandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň