Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Coca Cola Bottlers» HJ her gün 60 müň blok içgi öndürýär

12:3226.05.2021
0
22725

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergi öz işini tamamlady.

Sergä gatnaşanlaryň arasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň hem ençemesi bar. Olaryň biri hem Türkmenistanyň azyk pudagyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlarynyň biri bolan «Türkmenistan Coca Cola Bottlers» hojalyk jemgyýetidir.

Kompaniýanyň sergi bölümine ünsüň köp bolmagy ýönelige däl: bölümde sergä gatnaşyjylara datly tagamly içgiler hödürlenildi.

Bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda kompaniýanyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ogulsurý Kömekowa «Turkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

― Bu ýubileý sergisinde göwrümi we dizaýny bilen haýran galdyrýan, bütin dünýäde uly meşhurlyk gazanan önümlerimiziň uly toplumy hödürledik. Häzirki wagtda 0,5 we 1 litrlik göwrümlerde «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite» içgilerini öndürmegi dowam etdirýäris.

Bu alkogolsyz içgilere bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutup, önümçiligi artdyrdyk. Häzirki wagtda Türkmenistanyň söwda nokatlaryna günde 60 müň blok önüm ugradylýar.

«Coca-Cola Şekersiz» barada aýdylanda bolsa, bu nusganyň «Coca-Cola Classic» bilen birmeňzeş reňkde we tagamda bolmagyny üpjün etmek üçin kompaniýanyň hünärmenleri bäş ýyl işledi. Görşüňiz ýaly, sergä gelenler oňa ýokary baha berdiler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň