Türkmenistanda 2022-nji ýylyň Döwlet býujeti taýýarlanylýar

09:2915.05.2021
0
1810

Hökümetiň we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow döwlet Baştutanyna 2022-nji ýyl üçin taýýarlanylýan Döwlet býujeti barada hasabat berdi.

Hasabatda hem nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri nazara almak bilen, Döwlet býujetiniň üstünde işlenilýär. Esasy maliýe meýilnamasy bilen birlikde, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip düzülende, onuň ähli maddalarynyň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny ösdürmäge, zähmet haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çykdajylaryň artdyrylmagyna aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan her bir ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň göz öňünde tutulýan möçberleriniň seljerilmeginiň wajypdygyny belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň öňünde goýlan wezipeleri gaýra goýman çözmäge berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň