Turkmenportal logo
12.05.21
1768117681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan — Azerbaýjan: deňiz ulag aragatnaşygy giňeldilýär
Türkmenistan — Azerbaýjan: deňiz ulag aragatnaşygy giňeldilýär

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna täze «Azerbaýjan» paromy geldi. Ol özüniň ilkinji ýüzüşini Türkmenistana iş gatnawy bilen başlady.


Bu döwrebap parom 2020-nji ýylda Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynda «Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça guruldy. Ol ýolagçy gatnatmak hem-de demir ýol we awtoulaglary daşamak üçin niýetlenendir.


Uzynlygy 154 metr bolan, 5,54 müň tonna ýük daşamaga ukyply parom ýurdumyza döwrebap tehnikalary getirdi.


Ýurdumyzyň esasy «Deňiz derwezesiniň» düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, deňiz ulaglarynda her ýylky ýük daşalyşynyň mukdary barha artýar, şonuň ýaly-da, bu ýere gelýän daşary ýurt gämileriniň sany bolsa köpelýär. Özüniň iş terjimehalyny türkmen portuna ýük getirmekden başlan «Azerbaýjan» paromynyň gelmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.