Turkmenportal logo
08.05.21
957957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşar
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy 11-12-nji maýda geçip biler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti «Sputnik Özbegistana» salgylanyp habar berdi.


«Özbegistanyň DIM-niň wekiliýetiniň on birinji-on ikinji maýda daşary işler ministrleriniň «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» formatynda geçjek nobatdaky duşuşygynyň işine gatnaşmagy meýilleşdirilýär» diýip, Özbegistanyň DIM-niň metbugat kätibi Ýusup Kabuljanow aýdanlary getirilýär. Ondan öň KHS ikinji «Merkezi Aziýa – Hytaý» ministrler duşuşygynyň maý aýynyň ortalarynda Hytaýyň Şensi welaýatynda geçmeginiň mümkindigini habar beripdiler.


Ilkinji «Merkezi Aziýa – Hytaý» ministrler duşuşygy COVID-19 pandemiýasy zerarly 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda wideomaslahat görnüşinde geçirilipdi. Internet arkaly geçeirilýän bu çärä Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-iň ýolbaşçylary gatnaşypdylar.


Öňde duran duşuşykda oňa gatnaşýanlaryň COVID-19 pandemiýasyna we onuň netijelerine garşy göreşiň toplumlaýyn meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşjakdygy çak edilýär.