Arhiw

Aşgabatda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasy açyldy

23:2714.04.2021
0
14126

Aşgabatda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Paýtagtymyzyň Arçabil şaýoly döwrüň ägirt uly özgertmeleriniň alamatyna öwrüldi. Onuň ugrunda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ak mermerli binalaryň onlarçasy peýda boldy. Iň döwrebap derejedäki Çandybil şaýoly hem Köpetdagyň eteginde şäheriň şu bölegini gurmagyň täze baş ugruna öwrüldi. Bu ýerde şu gün Halk Maslahatynyň Diwany täze bina göçüp geldi.

Mälim bolşy ýaly, toplumyň 2018-nji ýylyň martynda başlanan gurluşygy döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda amala aşyryldy. Bu möhüm desganyň buýrujysy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi, potratçysy bolsa “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy boldy. Bu kompaniýanyň amala aşyran taslamalarynyň hatarynda belent ymaratlaryň örän köp sanlysy bolup, şolar paýtagtymyzyň özboluşly ýüzüne öwrüldi. Gurluşyk üçin 6,39 gektar meýdan ýer bölegi bölünip berildi. Beýikligi 31,36 metre we uzynlygy 112 metre deň bolan binanyň daşky bezegleri häzirki zamanyň gözellik derejesine bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hilli serişdelerden ýerine ýetirildi. Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we gök bossanlyklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde üsti ýapyk we açyk awtoduralgalar gurnaldy, dikuçar meýdançasy göz öňünde tutuldy.

Milletiň Lideri binanyň içine girip, ilki ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge, soňra bolsa ikiçäk duşuşyklary geçirmäge niýetlenen zallara baryp, giň we ýagty otaglaryň içki bezeglerini gözden geçirdi. Bu otaglaryň diwarlaryna ajaýyp bedewleriň we edermen alabaýlaryň, gözel Diýarymyzyň tebigy görnüşleri şekillendirilen suratlar milli öwüşgin berýär.

Milletiň Lideri otaglaryň bezegine we döredilen amatlyklara mynasyp baha berip, bu ýerde daşary ýurtly myhmanlar bilen duşuşyklary hem-de halkara derejeli gepleşikleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmäge niýetlenen zala bardy.

Däbe görä, döwlet Baştutany ulanylmaga tabşyrylýan islendik desganyň aýratynlyklary bilen tanşyp, onuň inženerçilik-tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berýär hem-de olaryň gurluşygynda ýokary hilli serişdeleri we täzeçil tehnologiýalary peýdalanmagyň ähmiýetini nygtaýar. Munuň özi binalaryň ygtybarlylygyny hem-de adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri üpjün edýär.

Milletiň Lideri binany gözden geçirip, bu ýerde halkara derejeli maslahatlary, hususan-da, Parlamentara assambleýanyň mejlislerini geçirmek üçin zerur bolan ähli zatlaryň bardygyny belledi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gepleşiklerde döwrüň möhüm meselelerine, şol sanda, milletiň Lideriniň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan gender deňligi, öňden gelýän hyzmatdaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy baradaky meselelere üns berilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň