Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan nobatdaky ýörite uçuş bilen Tatarystandaky raýatlaryny alyp geler

21:1505.04.2021
0
45140
Türkmenistan nobatdaky ýörite uçuş bilen Tatarystandaky raýatlaryny alyp geler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan ― Türkmenbaşy ugry boýunça 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky şahamçasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Konsullygyň sanawy boýunça 09.04.2021-nji senede Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça uçar gatnawy amala aşyrar. Eger Siz Konsullykdan şol uçar gatnawynyň sanawyna goşulandygyňyz barada bildiriş alan bolsaňyz we Sizde ýatyrylan gatnaw üçin bilet bar bolsa, bilet alyş-çalşygy üçin Konsullyga ýüz tutuň".

avia@itmgroup.ru saýty boýunça diňe sanawda bolan we bileti bolmadyk ýolagçylaryň resmileşdirmek işleri amala aşyrylar.

Bu gatnaw arkaly ýükleri kommersiýa nyrh meýilnamasyndan ugradyp bolar. Şunda ýükleriň iň ýeňil agramy hökmünde 45 kilogram bellenildi. Eger ýük 45 kilogramdan az bolsa hem, ol şol möçberde diýlip hasap ediler. Ýükler uçuşdan bir gün öň degişli gümrük gullugynda hasaba aldyrylmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň