Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň bilelikdäki söwda öýleri açylar

23:1627.03.2021
0
14859

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň «Trende» beren habaryna görä, Türkmenistanyň we Gazagystanyň bilelikdäki söwda öýleri açylar. Olar iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüler.

«Gazagystan Türkmenistan bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe» diýlip berlen habarda aýdylýar. Esasan, iki ýurduň arasynda ýangyç, energiýa, ulag we üstaşyr geçiriş hem-de senagat pudaklarynda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşyklydygy bellenildi.

Ministrlik munuň söwdany ýokarlandyrmak, iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin itergi boljakdygyny aýtdy.
Gazagystan we Türkmenistan energiýa bazarynda möhüm orny eýeleýärler.

Ministrligiň beýanatynda köp ýyllaryň dowamynda türkmen gazynyň Gazagystanyň çäginden HHR-e üstünlikli geçirilýändigi hem nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň