Berdimuhamedow täze ýyladyşhanalaryň altysynyň işine ak pata berdi

23:3025.03.2021
0
10417

25-nji martda Türkmenistanda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümler ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutany sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlup, olaryň umumy meýdany 35 gektara barabardyr.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan bu ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir. Häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orny döredildi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary özlerine berilýän döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, gysga döwrüň içinde döwrebap ýyladyşhanalaryň 400 gektardan gowragyny gurup, işe girizdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän gök önümler düýpli azaldy diýip, döwlet Baştutany açylyş dabarasynda nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň