Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan BMG-niň ÝYK-nyň sebitleýin forumyna gatnaşdy

23:4717.03.2021
0
3732

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) durnukly ösüş boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen sebit forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady bu düzüm tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatda sebitde amala aşyrylan işleri hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Maslahatda Türkmenistanyň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň binýadyny ählumumy howpsuzlygyň aňrybaş derejede anyk konsepsiýasynyň, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň bähbidine dünýä syýasatynyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine garaýyşlaryň bitewüliginiň hem-de özara ylalaşyk ýörelgesiniň düzýändigini belledi.

Biziň ýurdumyz ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň milli şertlere uýgunlaşdyrylmagy boýunça geňeşmelere girişmek bilen, zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň sammiti tamamlanandan soňra BMG-niň Ýurtlar boýunça topary hem-de Türkmenistanyň Hökümeti ählumumy maksatnamalaýyn resminamany üç tapgyrda amala aşyrmagyň meýilnamasyny ylalaşdylar.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan DÖM-niň milli şertlere uýgunlaşdyrylmagy babatynda geçirilýän işlere aýratyn üns berildi. Hususan-da, bu çäreleriň jemleri boýunça 17 maksatdan, 136 wezipeden hem-de 180 görkezijiden ybarat degişli sanaw tassyklanyldy.

Çykyşda 2019-njy ýylda Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde DÖM-ne ýetmek boýunça ýurdumyzyň birinji Meýletin milli syny beýan edildi. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ähli wezipeleri boýunça iş ýüzünde üstünlikleriň gazanylandygynyň anyk mysallary, hususan-da, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, ykdysady işjeňlikde, gender deňligini, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmekde we beýleki ugurlarda ýetilen sepgitleriň anyk mysallary getirildi.

Dünýäde giňden ýaýran COVID-19 pandemiýasynyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetine ýetiren oňaýsyz täsirini peseltmek boýunça geçirilýän çäreler duşuşykda garalan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, koronawirus ýokanjy zerarly dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen ýagdaýyň täsirini azaltmak maksady bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda önümçilik pudaklarynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, iş orunlarynyň saklanyp galmagyna hem-de ilatyň durmuş goraglylygyna gönükdirilen netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Forumyň çäklerinde sebitiň döwletlerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin COVID-19 pandemiýasyndan soňra ykdysadyýetleri dikeltmegiň netijeli strategiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşmalar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň