Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guralan sergide «Nur Ýüpek» söwda belgisi bilen zenanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan gülýüpek matasy hem görkezildi.
Täze söwda dükany açylyp, dürli görnüşli gülýüpek matalaryň satuwynyň ýola goýlanyna bary-ýogy 6 aý geçen «Nur ýüpegiň» al-ýaşyl reňkli gülýüpekleri gözelligiň gözleginde gezip, geýinmekde milli lybaslary saýlaýan gelin-gyzlarymyzyň iň islegli harytlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda ol harytlar diňe paýtagtymyzyň çäginde däl, eýsem, welaýat merkezlerinde hem müşderilere elýeterli bahadan hödürlenilýär. Gülýüpekleri internet arkaly görüp, sargyt etmek mümkinçiligi müşderileriň sanyny artdyrmakda we olaryň wagtyny tygşytlamakda uly ähmiýete eýedir.
«Nur Ýüpegiň» paýtagtymyzda ýerleşýän söwda dükanynyň gapdalynda ýörite tikinçilik öýüniň bolmagy satyn alnan matany zenanlaryň isleg bildirýän görnüşinde dessine tikip bermäge mümkinçilik döredýär. Türkiýeden we Hytaýdan getirilýän gülýüpekleriň bir reňkli görnüşine-de, gülli görnüşlerine-de isleg örän ýokary. Milli biçüwde we döwrebap görnüşde ýüpek ýaly gülýüpeklerden tikilen lybaslar sergä gelen gelin-gyzlaryň hiç birini-de biparh goýmady.