Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy karz serişdeleriniň 93 göterimini özleşdirdi

23:3911.03.2021
0
8862

Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyp, şu gün geçirilen iş maslahatynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurdumyzy ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa, innowasion ykdysadyýetli, senagat önümçiligi taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumyny ösdürmekde gazhimiýa önümlerini, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmek üçin tebigy gazy netijeli ulanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, soňky ýyllarda ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şol serişdeleriň häzire çenli 93 göterimi özleşdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milletiň Lideri karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny nygtady.

Iş maslahatynda döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow Konsern boýunça daşary ýurt karz serişdeleriniň gaýtarmaga degişli galyndy möçberini tebigy gazyň goşmaça mukdaryny, suwuklandyrylan gazy, kükürdi, ECO-93 kysymly benzini daşary ýurt bazarlaryna ýerlemekden gelip gowuşjak serişdeleriň hasabyna gaýtarmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew nebitgaz enjamlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnamany maliýeleşdirmek maksady bilen, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini tapgyrlaýyn esasda gaýtarmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda çekilen karz serişdeleriň galyndysy nobat tertibine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bökdençsiz gaýtarylýar. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň