«Ýylyň zenany» bäsleşiginiň ýeňijileri belli edildi

11:5703.03.2021
0
18452

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlaryň 42-si gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Däbe öwrülen bäsleşik 7 ugur boýunça geçirilip, ol zenanlaryň ýokary guramaçylyk ukybyny, el hünärini dikeltmäge we kämilleşdirmäge goşan goşantlaryny, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy hem-de milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda görkezen başarnyklaryny, şeýle hem çaga terbiýelemekdäki yhlasly zähmetini, harby we hukuk ulgamynda görkezen işjeňligini, obany ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny, bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşantlaryny açyp görkezdi.

Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji «Dostluk» çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa «Ýylyň işewür zenany», Aşgabat şäheriniň 45-nji orta mekdebiniň gurnak mugallymy Mährijemal Bereketowa «Ýylyň çeper elli zenany», Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany», Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň Yzgant oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýasy Aýsoltan Merdangeldiýewa «Ýylyň mährem zenany», Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology Nabat Nurgeldiýewa «Ýylyň watançy zenany», Balkan welaýatynyň Bereket etrap hassahanasynyň reanimasiýa bölüminiň işgäri Merjen Gurbantaganowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», Mary welaýatynyň Mary etrabyndan telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy Aýhan Rejepowa «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp boldular.

 «Ýylyň zenany» bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň