Ärdogan Berdimuhamedowy ÝHG-niň ýurtlarynyň Liderleriniň sammitine çagyrdy

14:3126.02.2021
0
21936

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Şol hatynda dostlukly ýurduň döwlet Baştutany milli Liderimizi 2021-nji ýylyň 4-nji martynda onlaýn görnüşde geçiriljek YHG-niň ýurtlarynyň Liderleriniň sammitine çagyrdy. Bu sammitden soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk Türkmenistana geçer.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

– Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) başlyklyk eden döwrümizde biz yglan edilen ileri tutulýan ugurlaryň çäklerinde bir ýylyň dowamynda bu guramany has-da pugtalandyrmaga hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen maslahatlary we köp sanly çäreleri geçirdik. Hususan-da, sebitleýin söwdany ýönekeýleşdirmek, ulag-logistika geçelgelerini durmuşa geçirmek, bu guramanyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özgertmeler we býujet meselelerini seljermek işini ilerletmek, YHG-ä agza ýurtlaryň sebit derejesinde we halkara ykdysady gi­ňişlikde raýdaşlygyny hem-de hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we abraýyny artdyrmak arkaly bu işleriň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen, YHG-niň taslamalary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilen gurama öwrüljekdigine, munuň bolsa biziň halklarymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna goşant boljakdygyna ynanýaryn. Biziň başlyklyk eden döwrümizde YHG-niň, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, sebit we halkara düzümleri­ň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edendigini uly kanagatlanma bilen belleýärin hem-de bu ugurda eden tagallalary­ňyz üçin Siziň Alyhezreti­ňize hoşallyk bildirýärin. 2021-nji ýylyň 4-nji martynda biz onlaýn görnüşde “COVID-19-dan soň­ky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” diýen at bilen YHG-niň ýurtlarynyň Liderleriniň sammitini geçireris. Munuň özi, ilkinji nobatda, COVID-19 ählumumy pandemiýasy bilen baglylykda, 2020-nji ýylda bolup geçen wakalary hem-de pandemiýadan soň­ky döwürde ykdysady taýdan täzeden dikeldiş boýunça ýerine ýetirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder. Sammitiň çäklerinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmek dost-doganlyk Türkmenistana geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň