“Ak Tam Bazary” ýerli çüý öndürijileriniň harytlaryny hödürleýär

10:2117.02.2021
0
3698

“Ak Tam Bazary” onlaýn söwda platformasynda çüýleri öndürmek we satmak bilen meşgullanýan täze hyzmatdaş peýda boldy. 

Öndürijiler gaty güýçli simden köp sanly dürli görnüşli çüýleri öndürýär. Bu ýagdaýda önümiň diametri, tekiz ýa-da konus görnüşindäki çüýüň kellesine bagly bolan başga bir galyňlyga eýe bolýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýörite ýasalan çüýleri hem öndürmek mümkin.

Harytlar öndürijiden gelýändigi sebäpli, öndürilen önümleriň bahalary elýeterlidir

Öndüriji, harytlarynyň hilini kepillendirýär we sargyt edilen önümleriň zerur görnüşini hemişe saýlap bilersiňiz.

Mundan başga-da, kompaniýa müşderä önümleri eltip berýär.

Harytlaryň görnüşleri we bahalary bilen “Ak Tam Bazary” web sahypasynda hyzmatdaş dükanyň bölüminden tanşyp bilersiňiz.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň