Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDÇA-nyň talyplary «Erudit» tarapyndan geçirilen onlaýn bäsleşigiň ýeňijileri boldular

11:3116.02.2021
1
8597

Şu ýylyň 11-12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty hem-de binagärlik we dizaýn fakultetleriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» okuw-ylmy merkezi tarapyndan onlaýn tertipde geçirilen dünýä çeperçilik medeniýetiniň ugurlary boýunça bäsleşige gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ençeme döwletiň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşige biziň talyplarymyz hem dürli ugurlar boýunça öz işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň eminler toparynyň netijesine görä, ýokary okuw mekdebimiziň sungaty öwreniş kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Hanmyrat Mämmedow «Şişkiniň döredijiligi», binagärlik kafedrasynyň 5-nji ýyl talyplary Döwran Ataballyýew «EXPO sergileriniň taryhy», Jennet Rejebowa «Dünýä binagärliginiň merjenleri» we dizaýn kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Mähri Ýazmyradowa «Leonardo da Winçi — Galkynyş döwrüniň ussady» ýaly ugurlar boýunça 1-nji orny eýeläp, halkara diplomlara mynasyp boldular. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň