Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynyň dokmaçy zenanlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

22:1315.02.2021
0
4551

Serdar şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada birleşigiň resmi saýty habar berýär.

Bäsleşige gatnaşan dokmaçy gelin-gyzlar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň zenan ykbalyna ýetirýän täsirini, durmuşdaky ähmiýetini wasp etdiler. Wideoşekilleriň üsti bilen welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde el işlerinde ulanylýan gadymy we häzirki zaman nagyşlaryny görkezdiler. Şol nagyşlaryň döreýşi, gelip çykyşy hakynda gürrüň berdiler.

Çeper elli zenanlar eminler tarapyndan tabşyrylan el işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirdiler. Nagyşlaryň gadymy nusgalary bilen baglanyşykly yrymlary, däp- -dessurlary, rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýdyp berdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Serdar şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň egirme enjamynyň operatory Bagtygözel Jommyýewa bilen darak enjamynyň operatory Gurbansoltan Maryýewa birinji, Bereket tikin fabriginiň tikinçileri Gunça Seýitmämmedowa we Nurnabat Nurlyýewa ikinji, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň tikin önümçiliginiň tikinçisi Tawus Mollaýewa hem-de biçimçisi Gülälek Gurbanowa üçünji orunlary eýelediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň