Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri wezipesinden boşatdy

23:4211.02.2021
0
13655

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Myratgeldi Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Degişli resminama döwlet Baştutany şu gün Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi.

Mundan öň, ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinde işleýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň