Ýanwar aýynda Aşgabadyň çeper haly kärhanasynyň hünärmeneri 120 inedördül metr haly önümlerini dokadylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Kärhanadaky dik enjamlaryň 20-sinde meýdany 2,5-dan 5 inedördül metre çenli bolan halylar dokalýan bolsa, 10 enjam çeper önümleri, haly portleridir peýzažlary dokamak üçin niýetlenendir.
Bulardan başga-da 7 enjamda ýadygärlik halylary dokalýar.
Gözbaşyny geçen asyryň 40-njy ýyllaryna çenli alyp gidýän bu kärhana geçen ýyl täzeden açylyp, ulanylmaga berildi. Onda 200-e golaý halyçy işleýär. Bu ýerde ýylda 1650 inedördül metre çenli haly dokamaga mümkinçilik bar.