Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny arzanlatdy. Kompaniýanyň resmi web sahypasynda täze bahalar barada maglumatlar berildi.
Täze internet nyrhlary şu aşakdakylardan ybarat:
Şäher üçin nyrhlar
256 Kb/sek - 100 manat
512 Kb/sek - 150 manat
1 Mbit/s - 170 manat
2 Mbit/s - 200 manat
Daýhan birleşikleri we obalar üçin nyrhlar
256 Kb/sek - 50 manat
512 Kb/sek - 100 manat
Kärhanalar we guramalar üçin nyrhlar
2 Mbit/s - 1000 manat
4 Mbit/s - 1250 manat
6 Mbit/s - 1500 manat
8 Mbit/s - 1750 manat
10 Mbit/s - 2000 manat
Bilim edaralary üçin nyrhlar
512 Kb/sek - 250 manat
1 Mbit/s - 350 manat
2 Mbit/s - 500 manat
Täze nyrhlar barada has giňişleýin maglumat bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
“Türkmenportal-yň” ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy fewralda ulag we aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda internet we beýleki aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryna täzeden garamagy, şeýle hem internetiň giň elýeterliligini üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Şeýle-de okaň!