Soňky habarlar

Arhiw

«Nordwind Airlines»-iň uçarlary ýene-de Türkmenabatda gonup geçer

11:4304.02.2021
0
46437

Russiýanyň «Nordwind Airlines» kompaniýasy Moskwa (Russiýa) ― Bohtar (Täjigistan) aralygyndaky uçuşlarda Türkmenabadyň halkara howa menzilinde üstaşyr gonup geçmegini ýene-de dikeltdi.

Bu gatnawy «Boeing-737-800» uçary bilen amala aşyrýan awiakompaniýa ozalkysy ýaly, ýene-de Türkmenabadyň halkara howa menzilinde ýangyç guýup geçer. Kompaniýanyň resmi web saýtyndaky rejenama görä, bu ugur boýunça gatnaw hepdede bir gezek amala aşyrylar.

Sagatda 500 ýolagça hyzmat edýän Türkmenabadyň halkara howa menzili 2018-nji ýylyň fewralynda açylyp, ulanylmaga berildi. Ol has uly uçarlary hem kabul etmäge bolan mümkinçilige eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň