Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türki dünýäsiniň 2022-nji ýyldaky medeni paýtagty yglan edildi

17:5720.01.2021
0
1762

Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew, Türk dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (Türk Geňeşi) Baş sekretary Bagdat Amraýew, Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ)  Baş sekretary Dýusen Kaseinow we Halkara Türk Medeniýeti we Miras Gaznasynyň Prezidenti Günaý Efendiýewa bilen wideomaslahat geçirdi.

Ylham Alyýew Azerbaýjanyň Daglyk-Garabagdaky Şuşi şäheriniň taryhy we medeni ýadygärliklerini dikeltmeklikde TURKSOÝ guramasynyň işjeň goldawyna garaşýandygyny aýtdy.

Şuşi şäherini ýurduň «medeni paýtagty» diýip yglan edendigini mälim eden Aliýew, bu şäheriň täzeden gurlandan soň, özboluşly tebigaty, geografiki ýerleşişi, taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen diňe bir Azerbaýjanyň däl, eýsem tutuş sebitiň medeni paýtagty bolup biljekdigini nygtady.

Her ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde türki döwletleriň arasyndan bir şäheri yglan edýändiklerini ýatladýan Amraýew: «Şuşiniň 2022-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegini we şol ýerde medeni çäreleriň gurnalmagyny teklip edýäris. Bize rugsat berseňiz, 2022-nji ýylda Şuşide 20 töweregi medeni çäräni durmuşa geçireris.» – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň