Turkmenportal logo
18.01.21
17231723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýada 800 müň okuwçy onlaýn bilim almaga girişer
Italiýada 800 müň okuwçy onlaýn bilim almaga girişer

Koronawirus epidemiýasynyň iň köp täsir eden ýurtlaryndan biri bolan Italiýa ertirden başlap birnäçe sebitlerde onlaýn okuwlara başlar. Takmynan 800 müň okuwçynyň onlaýn bilim almagyna garaşylýar.


Italiýanyň Ylym we bilim ministrliginiň  beren beýanatyna görä, ýurtdaky orta mekdepleriň 75%-i onlaýn bilim almaga girişer. Şeýle-de bolsa, Calabria, Basilicata, Campania, Lombardy, Marche, Puglia, Umbria we Weneto sebitlerindäki orta mekdeplere gelmegiň möhleti uzaldyldy.