«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

16:3313.01.2021
0
4863

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Žurnal Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda—Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatynda eden çykyşy bilen açylýar.

Şanly senäniň hormatyna žurnalyň redaksiýasy aýratyn bölüm arkaly halkara guramalarynyň wekilleriniň ugurdaş mazmunly çykyşlaryny ýerleşdirdi.

Şol wekilleriň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natswlişwili, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Juliýa Waleze, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd we “Merkezi Aziýada hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly GIZ Sebit maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Berlin şäheriniň administratiw kazyýetiniň kazysy Ýorg Pudelka bar.

“Türkmenistanyň Bitaraplygy: ýurduň rowaçlygyna tarap ýol” diýen makalada bitaraplygyň türkmen nusgasynyň durmuşa ukyplylygyny iş ýüzünde tassyklandygy hem-de sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy, ýurtlaryň we halklaryň parahatçylygynyň we durnukly ösüşiniň hatyrasyna netijeli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň kuwwatly şertleriniň birine öwrülendigi bellenilýär.

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň okyjylaryna hödürlenilýän beýleki makalalaryň hatarynda "Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany" atly makala bar. Onuň awtorlary milli bähbitleri dünýäniň ileri tutýan ählumumy ugurlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belleýärler.

“Bitaraplyk: medeni miras we raýat jemgyýetiniň ösüşi” diýen makalada milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda syýasy we durmuş durnuklylygy şertlerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, raýat jemgyýetini kemala getirmek işleriniň depginli ösdürilýändigi nygtalýar.

Žurnalyň sahypalarynda okyjylary Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň taryhy we kanunçylyk esaslary bilen tanyşdyrýan makalalar hem ýerleşdirildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, “Senenama” habarlar bölümi bilen jemlenýär. Onda geňeş duşuşyklary, mejlisler, okuw maslahatlary, abraýly halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen çäreler beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň