Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

23:0218.12.2020
1
15077

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisine, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Parlamentiň ýolbaşçysy Talant Mamytow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine şu ýyl bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de GDA ýurtlarynyň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe şu mejlisi gurandygy üçin minnetdarlyk bildirip, 2020-nji ýylda Özbegistanyň GDA-da üstünlikli başlyklyk etmeginde goňşy döwletiň Baştutanynyň uly şahsy goşandyny belledi.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň Konsepsiýasy hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň Meýilnamasy, GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak, şeýle hem 2021-nji ýylda Belarus Respublikasynyň GDA-da Başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça ylalaşylan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak hakyndaky çözgüt; 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakyndaky çözgüt; Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň we medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly Milletara aragatnaşyklaryň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt bar.

Şeýlelikde, mejlisiň barşynda Arkalaşygyň döwletleriniň uzak geljege gönükdirilen hem-de dostlukly ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň