Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanda aýazly gyş möwsümi dowam edýär: Köýtendag daglary gar bilen bilen örtüldi

08:4917.12.2020
0
13417

Gyş Köýtendagyň daglaryna, töweregindäki çöllere we jülgelere garanyňda has ir gelýär. Sentýabr aýynda eýýäm ilkinji garyň dagyň üstüne düşenligini habar beripdik.

“Alpagama” web saýtynda berlen habara görä, häzirki wagtda gyş Köýtendagyň dag eňňitlerini doly örtdi.

Birnäçe ýaprakly agaçlar eýýäm ýapraklaryny doly ýagdaýda düşürdi. Emma arça, zerewşan arçasy entägem gök öwüsýän ajaýyplygyny saklaýar. Daraýydere we Kyrkgyz ýaly jülgeler gar bilen örtülüp düýbünden gözel görnüşe geçdi. Bu ýerde höwürtgeleýän ýylylygy söýýän guşlaryň köpüsi günorta uçdy. Ýagny guşlaryň bu ýerde 40-a golaý görnüşi bar. Daglarda ýaşaýan süýrenijiler hem gyş ukusyna gitdi. Olar häzir dagda duşmaýar.

Goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Şanyýaz Meňliýew şeýle gürrüň berýär:

- Goraghananyň çäginde müňden gowrak goşatoýnakly ýaşaýar. Gyşyň gelmegi bilen haýwanlar öz sürenlerine jemlenýärler. Aýgaklar 70-80 kellä çenli, dag goçlary 40-50-ä  çenli uly toparlary emele getirýärler. Şu möwsümde goraghanada olaryň köpelişine we sanyna uly gözegçilik edilýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň