Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

23:4814.12.2020
0
8511

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň paýtagtymy we welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Iş maslahatynda milletiň Liderine  şu ýylyň dowamynda Aşgabat şäheri boýunça ýerine ýetirilen işleriň maliýe-ykdysady görkezijileri barada hasabat berildi. Şäher hojalygynyň ähli düzümleriniň ykdysady ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Şeýle hem paýtagtdaky işleriň ýagdaýy, ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, şäheriň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depginlerini we hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde şäheriň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramy mynasybetli bezeg işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy, şol birwagtyň özünde mukaddes Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hem aýdyldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözlleşdirmek, şäher ilatynyň ýaşaýşy, öndürijilikli işlemegi we dynç alşy üçin oňyn şertleri döretmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryny, binalary, seýilgähleri we seýilbaglary gurmagy dowam etmek, Aşgabat şäherini ösdürmegiň 17-nji tapgyry boýunça maýa goýumlaryň taslamasy boýunça teklipleri taýýarlamak möhümdir.

Şäher gulluklarynyň işlerine, hususan-da, şäheriň arassaçylygyny we abadançylygyny saklamak boýunça çäreleriň talabalaýyk guralmagyna uly üns bermek gerek, bu işler iň ýokary derejede, paýtagtymyzyň belent ornuna laýyklykda guralmalydyr.

Awtoulag hyzmatlary, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk üns merkezinde saklanylmalydyr. Şol birwagtyň özünde bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işi üpjün edilmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda bildirilýän talaplara laýyklykda, göwnejaý derejede paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işleri çaltlandyrmagy, şäherň jemagat hojalygy gullugynyň hem-de edara ediş düzüminiň işini talabalaýyk guramagy, jemagat hyzmatlaryna hasaplaşyklarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra ýurduň welaýatlarynyň maliýe-ykdysady görkezijileri barada hasabatlar berlip, ýerlerde alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleri, Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk hem-de durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, alnyp barylýan işleriň netijeleri, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak, hyzmat ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek sebitler baradaky hasabatlaryň özenini düzdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň